Habar

2022-nji ýylyň 25-26-njy maýy aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde  Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ýedinji sebitara duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan wekiliýet gatnaşdy.

Çäre Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Päkistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň we beýleki ygtyýarly edaralarynyň ýolbaşçylaryny we ygtyýarly wekillerini, şeýle hem halkara hyzmatdaş guramalaryň wekillerini özünde jemledi.

Iki günüň dowamynda duşuşyga gatnaşyjylar ýük/konteýner daşamalara gözegçilik etmekdäki ileri tutulýan ugurlar, zerurlyklar we kynçylyklar, gümrük edaralarynda halallyk ýörelgelerini öňe sürmek, şeýle hem Maksatnama gatnaşyjy döwletleriň gümrük gulluklarynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň jemi boýunça bilelikdäki beýannama kabul edildi.

«Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasyna Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan 2004-nji ýylda badalga berildi. Bu taslamanyň maksady  harytlaryň bikanun söwdasynyň öňüni almak üçin deňiz portlarynda, howa menzillerinde we gury ýer gümrük gözegçilik-geçiriş ýerlerinde töwekgelçiligi dolandyrmak, howpsuz haryt dolanyşygyny üpjün etmek, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça Maksatnama gatnaşyjy döwletleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bolup durýar.