Gümrük habarlary

Şadyýan Täze ýyl dabaralary
30 Dek
Şadyýan Täze ýyl dabaralary

2016-njy ýylyň 30-njy dekabry. Ine, Täze, 2017-nji ýyl ýetip gelýär. Sabyrsyzlyk  bilen garaşylýan bu baýramçylyk aýratyn-da çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şunda tolgundyryjy duşuşyklar bolýar, süýji nygmatlar we garaşylmadyk ýakymly sowgatlar berilýär, munuň özi bu baýramçylyk barada ýakymly ýatlamalary döredýär.

Türkmenistanyň ähli künjenklerinde, şäherleriň we obalaryň açyk sahna meýdançalarynda goýlan dürli yşyklar, girlýandlar we oýnawaçlar bilen bezelen ýaşyl arçalaryň ýanynda tanymal artistleriň we çeper höwesjeňleriň toparlarynyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan tomaşalar we konsertler guralýar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem çagalar üçin Täze ýyl dabarasyny gurnady. Baýramçylyk dabarasy Türkmen Döwlet gurjak teatrynda geçirildi. 

Bu ýerde teatryň artistleri çykyş edip, ýaş tomaşaçylarda şadyýan baýramçylyga mahsus bolan ýakymly täsirleri galdyrdylar. Arçaly meýdançada çagalaryň bagtyýar gülküsi ýaňlanýar, çagalar çykyşlara höwes bilen goşulyşýarlar. Şeýle-de çagalara süýji nygmatlar hödürlendi. 

Dabaranyň esasy gahrymanlary Aýazbaba we onuň agtyjagy Garpamyk çagalara egsilmez şatlyk paýladylar we olara gowşurylan ajaýyp sowgatlar baýramçylyk babatda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.