Habar

2022-nji ýylyň 16-njy iýunynda Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Gümrükhananyň şahsy düzüminiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň işgärleriniň we Daşoguz welaýat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýurdumyzda ulag üstaşyr geçirjiligini ösdürmek, eksport-import şeýle-hem üstaşyr haryt dolanşygyny çaltlaşdyrýan şertleri döretmek barada meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň eksport-import amallaryny geçirmekde üstaşyr geçelgeleriň işini netijeli ýola goýmak boýunça berýän tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak barada anyk işler alnyp barylýandygy, ulag-üstaşyr merkezleriniň emele gelmeginde ýurdumyzyň Gümrük gullugynyň işi uly ähmiýete eýe bolup, bu ugurda Gümrük gullugy öz ygtýarlyklarynyň çäklerinde möhüm wezipeleri amala aşyrýandygy barada gümrükçilerimiz çykyş etdiler.

         Duşuşykda eksport mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy telekeçileri we talyplary gyzyklandyrýan  soraglara kanagatlanarly jogaplar berildi.