2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda “Ygtyýarly gümrük operatorlaryň özara hyzmatdaşlyk etmeginiň düzgünleri hakynda Ylalaşygyň” taslamasyny işläp taýýarlamak meselesine we iki ýurduň gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly işler we tejribe alyşmak mowzuklarynda pikir alşyldy.
Bulardan başga-da duşuşykda taraplar TIR-EPD we E-СMR bilen bagly alnyp barylýan işler barada bu ulgamy ornaşdyrmakda alnyp barylýan işler dogrusynda tejribe alyşdylar.