Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnama 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäginde  geçirilen ýokary derejeli türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekildi.

Resminama, Taraplaryň döwletleriniň gümrük serhediniň üsti bilen geçirilýän harytlar gümrük taýdan resmileşdirilende ygtybarly maglumatlaryň berilmegi, gümrük paçlarynyň, salgytlaryň, ýygymlaryň we beýleki tölegleriň töletdirilmegi, gümrük gözegçiliginiň amala aşyrylmagy babatdaky Taraplaryň döwletleriniň kanunçylygynyň berjaý edilmegini kesgitleýär.

Teswirnamanyň maksady, gümrük işinde netijeli özara hereket etmek arkaly Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda daşary söwda dolanyşygynyň derejesini ýokarlandyrmak  bolup durýar.

Şeýle-de gepleşikleriň netijesi boýunça, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki Şertleri tassyklandy. Baglaşylan resminamalar gümrük edaralarynda ornaşdyrylan sanly ulgamdan netijeli peýdalanyp elektron maglumatlary alyşmagy ýola goýmagy göz öňünde tutýar.