Habar

Düýn paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi.

Halkara mediaforumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergidäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesini giňden ýaýmakdan we beýan etmekden, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde geçirilen halkara foruma Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylaryndan hem-de işgärlerinden başga-da daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň žurnalistikasynyň geljegi gönüden-göni bagly bolan ugurdaş hünärli talyplaryň şunuň ýaly uly ähmiýetli çärelere gatnaşmagy olaryň hünär başarnyklarynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan milli bilim ulgamyndaky özgertmeleriň baş maksatlarynyň biri bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini beýan edýän giňişleýin maglumatlar maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Şunda halkara bileleşik bilen döwrüň ähli möhüm meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär.

Daşary ýurtlaryň iri habarlar agentlikleriniň, meşhur elektron neşirleriniň, tele we radio kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri öz wideoçykyşlarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde, halkara maglumatlar giňişliginde günsaýyn artýan möhüm orny barada garaýyşlaryny beýan etdiler. Şolaryň hatarynda “TASS” habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary, “Azerbaýjan Telewideniýe we radiogepleşikler” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, Hytaýyň “СGTN-Russian” teleýaýlymynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň, “Russia Today” teleýaýlymynyň, “Sodružestwo iskusstw” döwletara žurnalynyň, “Türkmenistan” halkara žurnalynyň, Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň we beýlekileriň wekilleri bar.

Bellenilişi ýaly, gysga wagtyň içinde amala aşyrylan düýpli özgertmeler Türkmenistanyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi. Munuň özi ýurduň saýlap alan ösüş ýolunda ynamlydygynyň, mähriban Watanymyzyň häzirki döwrüne we geljegine bolan jogapkärçiligine hemmetaraplaýyn göz ýetirýän halkymyzyň bu ugra umumymilli goldawynyň tassyklanmasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy gülledip ösdürmegi, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy aýratyn wezipe hökmünde kesgitlemegi ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň wajyp ugurlaryny öz içine alýar. Diýarymyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni we sport ulgamlarynda yzygiderli bolup geçýän ähmiýetli wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň kuwwatyny artdyrýar.

Oýlanyşykly ykdysady strategiýa we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistana jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginini saklamaga, senagat önümleriniň, daşary söwda dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga, içerki bazarda harytlara we hyzmatlara bahalaryň durnuklylygyny saklamaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine, esasy pudaklaryň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna we halk hojalygy toplumynyň esasy pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, durmuş-ykdysady taýdan ösüş boýunça döwlet maksatnamalarynyň, iri maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän düýpli maýa goýum serişdeleriniň möçberleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň Gün tertibiniň möhüm meselelerini durmuşa geçirmek boýunça döwrüň talap edýän başlangyçlaryny öňe sürmegiň bähbidine halkara çäreleri goldamak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzy ösüşiň möhüm ugurlary boýunça öňdäki orunlara çykaran giň möçberli işler onuň halkara derejede ýokary baha we ykrarnama eýe bolmagyny üpjün etdi.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ykdysady, maýa goýum, nebitgaz, ylmy, medeni forumlar ýaly iri halkara çäreleri, şeýle-de döwlet durmuşyna degişli möhüm wakalary anyk, dessin hem-de giňişleýin beýan etmegi bilen ägirt uly ykdysady kuwwata, baý medeni we ruhy mirasa eýe bolan Türkmenistanyň eýeleýän wajyp ornuny halkara giňişlikde giňden açyp görkezýär.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda döredilen kadalaşdyryjy hukuk binýady esasynda sanly ulgamy döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryna, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işjeň ornaşdyrmak çäreleri amala aşyrylýar, olaryň işine täze gurallar, usullardyr tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Ýokary tizlikli sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagynyň hasabyna milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri elektron görnüşe geçirildi. Bu ugurdaky işler ýurdumyzyň programma üpjünçiligi, elektron hyzmatlar we beýleki sanly serişdeler arkaly ösdürilmegine giň ýol açýar. Täzeçil usullar özüniň hili babatda daşary ýurt serişdeleri bilen bäsdeşlige ukyplydyr. Şunuň bilen baglylykda daşary ýurtlardan wideoaragatnaşyk arkaly maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, metbugat we elektron neşirleriň hünärmenleriniň ýokary sanly tehnologiýalary işjeň ulanýandyklaryny nygtadylar.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Özara düşünişmek, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maglumatlary alyşmak we zerur habarlary gyssagly ibermek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär.

Şeýlelikde, şu günki halkara maslahat Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy, ählumumy durmuş-ykdysady ösüşi pugtalandyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanmasynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.