Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk çäresi — pagta ýygymy möwsümi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 2-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymy 14-nji sentýabrda başlanar.
Pagta ýygymy möwsüminiň döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, hormatly ýaşulular tarapyndan başynyň başlanmagy türkmen ekerançylarynyň asylly däbine öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirildi. Indi bolsa ony gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnamak, Watanymyzyň harmanyna tabşyrmak oba hojalyk işgärleriniň esasy wezipesidir.
Pagtaçylyk ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň möhüm pudagy bolmak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde hem-de milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde wajyp orny eýeleýär. Ýurdumyzyň toprak-howa şertleri pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin diýseň amatlydyr.
Innowasion tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman önümçiliginde arassa pagta süýümi ýurdumyzyň dokma senagaty önümleriniň dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolmagynda gymmatly çig maldyr. Bu ulgamda düýpli özgertmeleriň geçirilmegi esasynda obasenagat pudagynyň mümkinçilikleri giňeýär. Toplumyň häzirki zaman önümçilik düzümleriniň döredilmegi, ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy bu pudagy ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegine hem-de topragyň gurplandyrylmagyna, obasenagat toplumynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şu maksatlar bilen, döwletimiz dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehniki serişdelerini yzygiderli satyn alýar. Şunuň bilen birlikde, ylma esaslanýan seçgiçilik işlerinde çalt ýetişýän hem-de ýokary hasylly pagtanyň täze görnüşleriniň döredilmegine uly üns berilýär. Oba hojalyk pudagyny sanlylaşdyrmak, ekerançylygyň döwrebap ulgamlaryny ornaşdyrmak, öňdebaryjy agrotehnologik usullary peýdalanmak, daýhan birleşikleriniň girdejililigini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda sebitlerde dokmaçylyk toplumlaryny kemala getirmek boýunça işler üstünlikli alnyp barylýar. Geçen ýylda Ahal welaýatynyň Babadaýhan we Kaka etraplarynda her biri ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen dokma toplumlarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Bu gymmat bahaly oba hojalyk ekinini ösdürip ýetişdirmäge oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy telekeçiler hem işjeň gatnaşýarlar.
Tutuş ýurdumyz boýunça pagta ýygymy möwsüminde 1600 kombaýn, ýetişdirilen hasyly daşamak üçin dürli ulaglaryň 7800-si ulanylar. Möwsüme pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy hem-de kabul ediş harmanhanalarynyň 158-si taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymynyň bökdençsiz alnyp barylmagy üçin tehnikalara gije-gündiziň dowamynda tehniki-hyzmat ediş işleri guraldy, mehanizatorlaryň, sürüjileriň hem-de ýygymçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Harmanhanalaryň hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň ýanynda hereket edýän barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan önümiň hiliniň düýpli barlagyny geçirerler.
Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular we din wekilleri pagta ýygymyna girişmezden ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň abadançylygyny we mundan beýläk-de gülläp ösmegini Beýik Biribardan dileg etdiler. Şu gün Ahal, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň harmanhanalaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyndan” doly, Döwlet baýdagymyz bilen bezelen awtoulaglaryň we tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi.
Ýygym möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan çärelere häkimlikleriň, daýhan birleşikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu dabaralaryň çäklerinde, oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy.
Welaýatlaryň döredijilik toparlary dabaralara baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna — “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdiren ussat pagtaçylara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.