2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň guramagynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, BMG-nyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň hünärmenleri we şol guramanyň Ösüş maksatnamasynyň “Eksport-import amallary üçin bir penjire” Taslama resminamasy boýunça dolandyryjy işgäri gatnaşdylar.
Mejlisiň başynda, Pudagara iş toparynyň başlygy - Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we halkara söwdasynyň ösmeginde ähmiýetleri barada giňişleýin gürrüň berdi.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Gullugyň işgärleri tarapyndan “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň üsti bilen Pudagara toparynyň düzümine girýän döwlet gözegçilik edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň kanunçylyk binýatlaryny berkitmek, olar tarapyndan resmileşdirilýän ygtyýarnamalar, rugsatnamalar we güwänamalar üçin talap edilýän resminamalaryň sanyny zerurlygyna görä azaltmak, Ulgamda elektron görnüşde resmileşdirmek hem-de zerur tehniki talaplary üpjün etmek barada giňişleýin çykyşlar edildi.
Şeýle hem, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň 3-nji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly möhüm meselelere seredildi we bu ugurda mejlise gatnaşyjylar özara sorag-jogap alyşdylar.
Mejlisiň ahyrynda, Pudagara iş toparynyň agzalary, innowasion maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň dowamly kämilleşdirilýän döwründe, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak ugrunda zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.