“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikde gender deňligini üpjün ediş ulgamynda ÝHHG-niň borçnamalary, Türkmenistanyň gender deňligini üpjün etmäge gönükdirilen syýasatynyň amala aşyrylyşy, bu ugurda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny mazmunynda jemleýän milli meýilnamalary, zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny giňeltmekde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň orny we täsiri baradaky çykyşlar welaýatyň harby edaralarynyň işgärleriniň we gümrükhanasynyň harby gullukçylarynyň gozgalan meseleler boýunça düşünjelerini berkitdi. BMG-niň doly hukukly agzasy, adam hukuklary barada esasy halkara konwensiýalaryna işjeň gatnaşýan Türkmenistanda gender deňligi babatynda möhüm resminamalaryň düzgünleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylarynyň durmuşlarynda hem aýdyň synlamak bolýar. Bu ýerde zenanlaryň uly topary jogapkärli wezipelerde zähmet çekýär. Olar Konstitusiýa laýyklykda erkekler bilen bir hatarda deň hukuklardan peýdalanýarlar, zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi olaryň mynasyp durmuşlaryny hem üpjün edýär. Gender deňliginiň üpjün edilişine bagyşlanan “Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik welaýat gümrükhanasynda, Döwlet migrasiýa gullugynda, Döwlet Serhet gullugynda zähmet çekýän zenanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň giňeldilmegine degişli çäreleriň döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly gatnaşyklarynda demokratik esaslaryň has pugtalananýandygyny hem görkezdi. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan demokratik özgertmeler gender deňliginiň üpjün edilmeginde hem uly ähmiýete eýe bolýar.
Habar
Habarlar
Gümrük maglumatlary
Gümrük tölegleri
Şahsy taraplar üçin
Ýuridiki taraplar üçin
Gümrük gullugynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary