2022-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň tapawutlanan harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary, hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak, olara nobatdaky harby atlaryny dakmak çäresi geçirildi.
Ýokary harby atlary dakmak we döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy ir säherde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda badalga aldy. Bu ýokary sylaglara ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge öz şahsy goşandyny goşan Gullugymyzyň harby gullukçylary mynasyp boldular.
Soňra dabaraly çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň mejlisler jaýynda aýdymdyr-sazlara ulaşyp baýramçylyk ruhunda dowam etdi. Bu ýerde, mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, döwletimiziň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň gümrük serhedini goramak hem-de gümrük kanunçylygyny we hukuk tertibini berkitmekde bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Gullugyň harby gullukçylarynyň bir toparyna nobatdaky harby atlar dakyldy. Şeýle hem Gullugyň tapawutlanan harby gullukçylaryna we işgärlerine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşanlara gymmatbahaly sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Harby atlary dakylan we döwlet sylaglaryna mynasyp bolan Gullugyň harby gullukçylary mukaddes Tugumyza tagzym edip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly boljakdygy barada kasam etdiler.
Gullugyň başlygy polkownik M.Hudaýkulyýew sylaglanan harby gullukçylary mundan beýläk-de ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňünde eden kasamyna wepaly bolup, gulluk borçlaryny abraý bilen birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi we dabara gatnaşyjylaryň ählisini şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.