Habar

2022-nji yylyn 12-15-nji sentýabry aralygynda Mongoliýanyn Ulan-Bator şäherinde geçirilen Ýörite ykdysady zolaklara, haryt üpjün etmekleriň zynjyrlarynyň baglanyşygyna we durnukly serhetýaka amallaryna bagyşlanan maslahatlaryň birnäçesi geçirildi. Çäreler Aziyanyň Ösüş Banky tarapyndan «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň Söwda boleginiň çäginde guraldy. Gullugymyzyň harby gullukçysy bu çärelerde Türkmenistanyň Dowlet gümrük gullugyna wekilçilik etdi.

Tapgyrlaýyn geçirilen çäreler Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ykdysady zolaklary, sebitde söwdany, ulagy we logistikany ösdürmek meselesine bagyşlandy. Şeýle-de bu maslahatlar tapgyrynyň çäklerinde Zumyn-Uud erkin zolagy işewürlik forumy hem geçirildi. Bu forumda Zumyn-Uud erkin zolagynda gazanylan üstünlikler we Aziyanyň Ösüş Bankynyň täze taslamalary görkezildi.

Döwlet gümrük gullugynyň wekili çärelerde çykyş edip, Türkmenistanyň gümrük edaralarynda söwda ýardam etmek, gümrük amallaryny awtomataşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler, gümrük edaralara ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalar, hususan-da Bir penjire ulgamyny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, TIR-EPD goşundysyny işe girizelndigi barada maglumatlar paýlaşdy.