Habar

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) guramagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň gümrük edaralarynyň wezipeli işgarleri üçin guryýer gümrük serhetlerinden geçýän ulag serişdeleri we ýükleri skanerlemek we alnan maglumatlary seljermek boýunça okuw çäresi 2022-nji ýylyň 27-29-njy sentýabrynda Latwiýa döwletiniň paýtagty Riga şäherinde geçirildi.

Okuw çäresine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan iki sany işgär gatnaşdy. Çäräniň barşynda, oňa gatnaşyjylar Baltika döwletleriniň arasynda serhetüsti geçýän ulag serişdeleri ýörite barlag enjamlaryndan geçirilip, olardan alnan şekillerini seljermegiň öňdebaryjy usullary öwrenildi. Latwiýa we Litwa döwletleriniň hünärmenleri bu ugurda öz tejribesi bilen paýlaşdylar.

Okuw çäresiniň netijesi boýunça degişli ugurda sebitara döwletleriň  arasyndaky hyzmatdaşlyk we geljekki ýyllarda alnyp barylmaly işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.