Habar

2022-nji ýylyň 10-11-nji oktýabrynda Aşgabat şäheriniň «Arçabil» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMCA 10) guramagynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin mobil programmany döretmek boýunça seminar we iş toparynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda gatnaşyjylar dünýä tejribesinde gümrük ulgamyny awtomatlaşdyrmak boýunça ulanylýan sanly ulgam barada pikir alyşdylar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen tanyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük we migrasiýa gullugynyň  hünärmenleri sanly ulgama geçmek ulgamyň işini awtomatlaşdyrmak babatda alnyp barylaýn işler dogrusynda çykyş etdiler we bu ugurda öz tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Duşuşygyň netijesi boýunça Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde  Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin mobil programmany döretmek boýunça hyzmatdaşlyk we geljekki ýyllarda alnyp barylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy.