Habar

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döredilýän amatly şertleriň netijesinde, Daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak barada kabul edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ekologiki taýdan arassa oba hojalyk önümlerine daşarky bazarda has köp isleg bildirilýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň çäklerinde gurlan döwrebap ýyladyşhanalardan alnan pomidor hasylynyň daşary döwletlere eksport edilen möçberi 80 müň tonna golaý bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 50 göterime golaý ýokarlandy. Eýýäm şu günki günlerde  ýyladyşhanalarda gyş möwsümi üçin ýetişdirilýän pomidoryň ilkinji hasyllary daşary döwletlere iberilip başlandy.

Bulardan başga-da, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilýän  gök-bakja ekinleriniň we miwe önümleriň üpjünçiligi içerki bazarlardan artýan möçberleri daşary döwletlere eksport etmek ýola goýuldy. Şu ýylyň başyndan bäri ter soganyň 10 müň tonnadan gowragy, däneli ekinleriň 16 müň tonnadan gowragy, mäşiň 7 müň tonna golaýy, gök-bakja önümleriň 6 müň tonna golaýy, ter miweleriň we üzümiň 3 müň tonnadan gowragy eksport edildi. Şeýle hem, hususy önüm öndürijiler tarapyndan öndürilýän konditer önümleriniň, gaplanan gök-bakja we miwe önümleriniň, alkogolsyz içgileriň uly möçberleri daşarky bazara iberildi. 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan eksport harytlarynyň gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, Gullugyň utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynda eksport harytlaryny elektron görnüşde resmileşdirmek, şol sanda gümrük töleglerini awtomatik usulda hasaplamak, resminamalary sanly ulgam arkaly doldurmak işleri ýola goýuldy. Bu bolsa, ýurdumyzdan daşarky bazara iberilýän harytlaryň gümrük amallaryny gysga wagtda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda milli önüm öndürijiler üçin döredilýän amatly  şertler hem-de döwlet tarapyndan berilýän goldawlar üçin, Hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar!