Habar

Hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapan halkara ulag-üstaşyr ulgamlaryny we geçelgelerini döretmek hem-de olary ösdürmek babatdaky başlangyçlary esasynda, Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmekde ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem-de halkara söwdanyň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen işleri amala aşyrýar.

Bu ugurda, Gullugyň «Halkara ýol daşamalary (TIR) kitapçasyny ulanmak bilen, halkara ýollarynda ýükleri daşamak hakynda Gümrük Konwensiýasyna (1975)» laýyklykda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesiniň (IRU) «TIR-EPD» bitewi maglumat ulgamy «ASYCUDA World» utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamynyň «Üstaşyr» moduly bilen birikdirildi we utgaşdyryldy.

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesiniň (IRU) «TIR-EPD» maglumat ulgamy – gümrük çägine awtomobil ulaglary arkaly getirilmegi, şol sanda üstaşyr geçirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada gümrük edaralaryna elektron görnüşde deslapdan maglumat berilmegini üpjün edýän ulgam. Bu elektron maglumat, gümrük edaralaryna gümrük serhedinden geçirilýän harytlary we ulag serişdelerini töwekgelçiligi dolandyrmak ulgamyny ulanmaga, şol sanda harytlaryň bahalaryna, möçberlerine, görnüşlerine gözegçilik etmäge, netijede bolsa haryt dolanyşygyny çaltlandyrmaga we ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.