Habar

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäginde geçirilen ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşyk, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň gümrük gulluklarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Resminama, gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak, gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek nukdaýnazaryndan maglumat alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi we özara ýardamy göz öňünde tutýar. Taraplaryň bilelikdäki gözleg işlerini geçirmek, gümrük amallarynyň täze usullaryny işläp taýýarlamak we ulanmak, şeýle hem işgärleri taýýarlamak çygryda hyzmatdaşlyk emegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz işinde daşary ýurtlaryň gümrük gulluklary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem dünýä tejribesini işjeň özleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Döwletara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde şu ýyl Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy dürli ýurtlaryň gümrük edaralary bilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ýedi sanysyny baglaşdy.