2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde geçirilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň netijeleri boýunça Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki Konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Oňa Türkmeniatanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýkulyýew, Türkiýäniň söwda ministri Mehmet Muş we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow gol çekdiler.
Bilelikdäki Konsultatiw toparynyň işi Taraplaryň döwletleriniň arasynda geçirilýän harytlar babatynda gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegine, özara maglumat alyşylmagyna, gümrük gözegçiliginiň kämil usullaryndan peýdalanmak üçin çäreleriň görülmegine hem-de gümrük hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdiriler.
Gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we gümrük işi babatda hyzmatdaşlyk etmegiň we özara ýardam bermegiň ýurduň ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirýändigini göz öňünde tutup, diňe şu ýylyň özünde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan gümrük hyzmatdaşlygy bilen bagly birnäçe döwletleriň gümrük edaralary bilen eýýäm sekiz sany halkara resminamalaryň baglaşylandygyny belläsimiz gelýär.