Bu okuw maslahaty şu ýylyň 6-10-njy dekabry aralygynda geçirilip, ol BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) tarapyndan guraldy.
Çärä Aşgabat şäherindäki Halkara gümrük terminalynyň, Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunyň, «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň Port gözegçilik toparlarynyň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Söwda we Daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri gatnaşdy. Okuw maslahatyny BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri alyp bardylar.
Bäş günlik okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar strategiki harytlar bilen baglanyşykly ulanylýan häzirki zaman gümrük gözegçiliginiň usullaryny öwrendiler, şeýle hem eksporta gözegçilik etmek babatda bilimini we endiklerini artdyrdylar.
Strategiki harytlary bu ýurduň milli howpsuzlygyna we ykdysadyýetine zeper ýetmeginiň öňüni almak maksady bilen eksporty gözegçilik edilýän, çäklendirilen (ygtyýarlandyrylan) we hatda gadagan edilen harytlaryň käbir görnüşleridir.