14-nji dekabrdan 16-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA 10) Aşgabatda serhet dolandyryşyna gatnaşýan Türkmenistanyň serhet, gümrük we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri üçin milli töwekgelçilik derňewi boýunça okuw sapagy geçirildi.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara esasy ýörelgeler, amaly tejribeler we düzgünler, şeýle hem Ýewropanyň tejribesine esaslanýan serhet howpsuzlygy töwekgelçiligini bilelikde seljermegiň proseduralary we milli ulgam, umumy hukuk binýady we ösüşi üçin zerur tassyklanan işler bilen tanyşdyryldy we töwekgelçilik derňew ulgamlary üpjün edildi.
Maslahatyň dowamynda Latwiýa Respublikasynyň Döwlet Serhet Kollejiniň we Riga Tehniki Uniwersitetiniň hünärmenleri serhet howpsuzlygy meseleleri boýunça töwekgelçilikleri seljermek boýunça milli hukuk binýadyny gözden geçirdiler we döwlet edaralarynda yzygiderli we bitewi çemeleşmäni durmuşa geçirmek üçin strategiki, amaly we taktiki derejelerde teklipleri taýýarladylar.
Milli aýratynlyklary göz öňünde tutup, institusional kadalaşdyryjy-hukuk binýadynda töwekgelçilikleri seljermek ulgamyny ornaşdyrmak üçin teklipler we ýol kartasy işlenip düzüldi.
Bu çäre, BOMCA 10 maksatnamasynyň 1-nji bölüminiň çäginde, Merkezi Aziýa ýurtlarynda serhet gözegçilik edaralarynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän milli, sebitleýin we global derejede howpsuzlyk üpjün etmekde öňdebaryjy tejribä laýyk gelmek üçin institusional mümkinçiliklerini ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýär.