2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän dabaralar we baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem giň gerimde dowam etdi. Harby gullukçylaryň hünär baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan yglan edilen «Göreldeli gümrük işgäri» hem-de «Ýylyň gümrük nokady» atly bäsleşikleriň jemleri jemlendi.
Gullugyň hukuk tertibini we kanunçylygyny berkitmäge we kämilleşdirmäge goşan şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli we birkemsiz ýerine ýetirmekde gazanan ýokary görkezijileri, harby gullukçylary hünär taýdan kämil derejede taýýarlamakda görkezen netijeleri boýunça öňdebaryjy harby gullukçylar «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi şeýle-de Döwlet gümrük gullugynyň edaralarynda harby tertip-düzgüni berjaý edip, gümrük nokadynyň talaba laýyk saklanylyp, daş-töwereginiň abadançylygyny üpjün etmekde, iş aýratynlygyna we tertibine görä ýokary netijeleri görkezip, gulluk işlerini ýerine ýetirmekde saýlanan Ahal welaýat gümrükhanasynyň Artyk awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Artyk» gümrük nokady «Ýylyň gümrük nokady» diýlip yglan edildi.
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşikleriň jemlenmegi mynasybetli dabaralar Gullugyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watançylyk mazmunly aýdym-sazlar bilen dowam etdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.