Habar

2023-nji ýylyň 10-njy martynda Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasy (BOMCA) tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw Merkezine «Okuw kurslaryny taýýarlamak we geçirmek boýunça okadýanlar üçin gollanma»  ady bilen okuw gollanmalary dabaraly ýagdaýdy  gowşuryldy.

Çärä Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiri G.Myradow, BOMCA maksatnamasynyň Türkmenistandaky milli utgaşdyryjysy R.Berdiýew, onuň kömekçisi S.Aşyrow, şeýle hem Okuw merkeziniň şahsy düzümi gatnaşdy.

Gollanmalar Latwiýa Respublikasynyň Döwlet Serhet gullugynyň bilermenler topary tarapyndan Frontex (Ýewropa Bileleşigi Daşarky serhetleriň howpsuzlygy boýunça agentligi) okuw maksatnamalary esasynda hem-de 2022-nji ýylyň 15-17-nji martynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen mugallymlary/tälimçileri taýýarlamagyň usullaryny işläp düzmek boýunça sebitleýin okuw maslahatynyň netijelerine esaslanyp işlenip düzüldi.

Bu gollanma, BOMCA maksatnamasyna gatnaşýan ýurtlaryň gümrük, migrasiýa we serhet gulluklarynyň okuw bölümleriniň işgärleri tarapyndan ulanylmagy üçin niýetlenendir.

Okuw merkeziniň müdiri G. Muradow Okuw kurslaryny taýýarlamak we geçirmek boýunça okadýanlar üçin gollanmalaryň işlenip taýýarlap, ony Okuw merkezine berendikleri üçin BOMCA maksatnamasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Okuw merkezi  tarapyndan okuw maksatnamasyny we okuw usulyýetini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda, Okuw merkeziniň işgärleri tarpyndan okuw gollanmalary hem işlenip taýýarlandy. Bu gün bolsa Okuw merkeziniň kitaphanasynyň üsti täze gollanmalar bilen dolduryldy. Bu gollanmalaryň Okuw merkeziniň mugallymlaryň işinde ýakyn ýardamçy boljakdygyna ynam bildirdi.