2023-nji ýylyň 15-nji martynda “Schmitt&Orlov Intellectual Property” kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri üçin intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň üpjün edilmeginiň tejribesi babatynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw geçirildi.
Okuwyň dowamynda bilermenler gümrük edaralary tarapyndan kontrafakt harytlaryň ýüze çykarylmagy, şeýle harytlaryň asyl nusgasyndan tapawutlandyrmagyň usullary barada maglumatlar bilen paýlaşdylar.
Okuw tamamlananda, oňa gatnaşýan gümrük işgärleri “Schmitt&Orlov Intellectual Property” kompaniýasynyň wekillerine sagbolsun aýdyp, şeýle okuwyň gümrük nokatlarynyň işgärleri üçin hem gurnalmagynyň ýurdumyza kontrafakt harytlaryň getirilmegini öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlerde peýdaly boljakdygy barada bellediler.
Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça görülýän çäreler Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 37-nji bölüminde göz öňünde tutulan. Bu Kodeksiň 342-nji maddasyna laýyklykda, Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawy döredilip, bu sanawa girizilen intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukugynyň eýelerine hukuk goragy üpjün edilýär.