Habar

Dünýäde epidemiologik yagdaýlarda gümrük gulluklaryň orny atly tema boýunça Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan guralan okuw çäresine gatnaşmak üçin Döwlet gümrük gullugynyň wekili 2023-nji ýylyň 8-10-njy marty aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň Skopýe şäherinde gulluk saparynda boldy.

Okuw çäresi Bütindünýä gümrük guramasynyň «COVID-19 taslamasynyň» çäginde COVID-19 pandemiýasy, tebigy betbagtçylyklar we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar bilen baglanyşykly gümrük edaralarynyň alyp barýan işi boýunça tejribesi bilen paýlaşmak meselesine bagyşlandy. 

Çäräniň dowamynda, oňa gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlar, betbagtçylykly hadysalar ýüze çykanda kömek bermegiň halkara hukuk esaslary we bu ugurda Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan işlenip taýýarlanan tärler we gurallarynyň birnäçesi bilen tanyş edildi. Gatnaşyjylaryň herisi öz ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýlar dörände gümrük edaralary tarapyndan görülýän çäreler, gümrük amallaryny ýöredilişi barada özara pikir alyşdylar.

Hususan-da, Türkiýe Respublikasynyň gümrük gullugynyň wekiliniň 2023-nji ýylyň fewral aýynda bolan ýer titremelerinden soň we COVID-19 pandemiýasy wagtynda amala aşyrylan ýönekeýleşdirilen gümrük amallaryna syn berildi.

Çärä bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary jenap Kunio Mikuriýa hem gatnaşdy.