Habar

2023-nji ýylyň 16-njy martynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň wekilleri Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary (YYO) özara ykrar etmek meselesi boýunça gepleşikleri geçirdiler.

Hytaý tarapynyň başlangyjy boýunça guralan bu duşuşykda bellenilişi ýaly, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda şu ýylyň 6-njy ýanwarynda gol çekilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasy iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň esasyny düzdi. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň bolsa «Bir guşak — bir ýol» başlangyjynyň ilerlemegine ýardam eder. Şol sebäpli harytlaryň erkin hereket etmegini üpjün etmek zerurlygy artýar.

Şu bilen bagly, döwletleriň arasynda harytlaryň erkin hereket etmegini üpjün etmegiň zerurlygynyň artýandygyny nazar alyp, munuň üçin bolsa YYO özara ykrar etmegiň ähmiýetini belläp, hytaý tarapy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň arasynda YYO özara ykrar etmek hakynda Ähtnamany baglaşmagy teklip etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda YYO derejesini bermegiň düzgünlerini we kadalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleriň geçirilýändigini we şu bilen bagly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Gümrük kodeksine degişli goşmaçalary girizmegiň üstünde işleýändigini belläp, Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri, Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Hytaýyň tejribesiniň giňden öwrenilmegine hem-de bu ulgamyň Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň işine ornaşdyrylmagy bilen teklip edilen Ähtnamany baglaşmaga gyzyklanma bildirdiler.