2023-nji ýylyň 16-njy martynda Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar – beýik geljegimizi äleme buşlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çäre döwletimizde ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlara ähli ugurlarda döredilýän mümkinçilikler we bu ugurda kabul edilen kanunçylyk hukuk namalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan beýik özgertmelere bagyşlandy.
Ýaşlaryň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyşy, Watançy serkerdeleriň ýaş harby gullukçylara nusgalyk ýoly hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bu ugurda alyp barýan işleri bu ýerde edilen çykyşlaryň özenini düzdi.
Döwlet gümrük gullugynyň aýdym-saz toparynyň taýýarlan dürli syýasy we watançylyk çagyryşly aýdymlary çärä gatnaşýan ýaş harby gullukçylaryň buýsançly duýgularyny artdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar üçin ähli döredilen şertlere we mümkinçiliklere türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.