Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti “Nowruz ýaýlasynyň aý öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
9 Okt
Türkmenistanyň Prezidenti “Nowruz ýaýlasynyň aý öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dag etegindäki ajaýyp ýaýlasynda “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasy boldy. 

Hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda bu binada 9—10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň geçilýändigini, hormatly ýaşulular bilen maslahat-geňeş etmegiň türkmeniň gadymdan gelýän ýörelgeleriniň biridigini aýdyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ýaşulular maslahatynyň many-mazmun taýdan baýlaşandygyny, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde onuň aýratyn möhüm orna eýe bolýandygyny, halkymyzyň döredijilik güýjüniň egsilmezdigini görkezýändigini belledi.

Medeni-durmuş ähmiýetli bu bina 3 müň orunlyk bolup, onda umumymilli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen hem-de uly konsert zaly bar. Ägirt uly ak öý görnüşinde gurlan bu binada baýramçylyk çärelerini guramak üçin ähli zerur şertler döredilipdir.



Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi