Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 14-15-nji martynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Hazarüsti geçelgeleriň ugry boýunça Bir penjire ulgamyny ulanmak arkaly üstaşyr gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek meselesine bagyşlanan köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşdy.
Maslahatyň Gün tertibine girzilen esasy temalar halkara söwdada gümrügiň orny, Hazarüsti Gündogar-Günbatar geçelgesiniň özüne çekijiliginiň ýokarlanmagy we onuň sebit üçin ähmiýeti, e-TIR, eCMR, ePermit ýaly üstaşyry ýeňilleşdirmäge gönükdirilen ulgamlaryň gümrük edaralaryna ornaşdyrylmagy.
Köptaraplaýyn duşuşygyň netijesi boýunça, Taraplar Bir penjire ulgamyny ulanmak bilen “Gündogar-Günbatar” Hazarüsti halkara Orta geçelgesiniň ugry boýunça ýeňilleşdirilen üstaşyr amallaryny işläp taýýarlamagyň we ulanmagyň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar we kabul etdiler.
Hazarüsti geçelgeleriň ugry boýunça Bir penjire ulgamyny ulanmak arkaly üstaşyr gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek meselesine bagyşlanan köptaraplaýyn duşuşyk Azerbaýjan tarapyň başlangyky boýunça, 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda kabul edilen Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 9-njy Geňeşiniň Samarkant jarnamasynyň çäginde geçirildi. Turkmenistan bu guramanyň synçysy hökmünde çykyş edýär.