2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň binasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Syýasat seljeriş bölüminiň müdiriniň orunbasary jenap Fedor Klimçugyň we Jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar we Bilelikdäki maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygynyň orunbasary jenap Igor Kondratýewiň Türkmenistana resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda duşuşyk geçirildi. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hyzmatdaşlygyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» Ählumumy maksatnamasynyň amala aşyrylyşy, Port gözegçilik toparynyň arasyndaky aragatnaşygyň ýola goýulmagy hem-de 2022-nji ýylda Lebap welaýat gümrükhanasynyň Farap awtoýollary gümrük nokadynyň binýadynda täze Port gözegçilik toparynyň döredilmegi kanagatlanma bilen bellenildi.
Bellenilişi ýaly, gümrük işgärleriniň 2022-nji ýylyň dowamynda we şu ýylyň üç aýynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäginde guralan çärelere gatnaşygyna seljermäniň netijesi boýunça BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi Döwlet gümrük gullugynyň işjeň halkara hyzmatdaşydyr.