Habar

Ýük daşamalaryň ugurlarynyň çalt üýtgeýän häzirki döwründe, ýükleriň konteýnerlerde daşalmagyna uly ähmiýet berilýär. Konteýnerli daşamalar harytlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bir wagtda ulag çykdajylaryny hem azaldýar.

Konteýnerli daşamalaryň möçberlerini artdyrmak boýunça işler  ähli degişli edaralar tarapyndan alnyp barylýar. Şunda, gümrük infrastrukturasynyň ösdürilmegi we gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Gümrük edaralarynyň ýokary hilli barlag enjamlar, şol sanda harytlary konteýnerlerden düşürmezden barlamaga mümkinçilik berýän rentgen barlag enjamy bilen üpjünçiliginiň, gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň, gümrük edaralaryna TIR-EPD ulgamynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde konteýnerlerde daşalýan harytlar babatda gümrük amallaryny amala aşyrylyşy ep-esli çaltlaşdyrdy.

Şeýle hem, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Konteýnerlere degişli gümrük Konwensiýasynyň hem-de Konteýner goruna geçirilen we halkara daşamalarynda ulanylýan konteýnerler üçin gümrük düzgüni hakyndaky Konwensiýanyň agzasy bolandygyny bellemek isleýäris.

Işgärleriň tejribesi hem möhüm orna eýedir. Bütindünýä gümrük guramasynyň agzasy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy öz işinde iň oňat halkara tejribesini öwrenmek we durmuşa geçirmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Gümrük gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» Ählumumy maksatnamasyna gatnaşmagy konteýnerli daşamalary ösdürmek işinde oňyn halkara tejribesini ornaşdyrmak babatada oňyn täsirni ýetirýär.