Habar

2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň teklibi bounça Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň Gümrük gulluklarynyň wekilleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy boldy.

Hytaý tarapy ozal Merkezi Aziýa–Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada başlangyjyny öňe sürüpdi. 

Şu günki wideoaragatnaşyk arkaly hünärmenler derejesindäki duşuşyk hem hytaý şol başlangyjy esasynda şu aýda geçiriljek Merkezi Aziýa–Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna taýýarlyk görmek maksady bilen geçirildi.

Taraplar, ýolbaşçylaryň duşuşygynyň Gün tertibini we Teswirnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Merkezi Aziýa–Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň işini düzgünleşdirýän resminamanyň taslamasyna seretdiler.

Merkezi Aziýa–Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň işi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky söwdany ýeňilleşdirmäge, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Hytaý» Döwlet Baştutanlarynyň Sammitinde gümrük işi bilen bagly kabul edilýän çözgütleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.