Habar

2023-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary D.Baýryýewiň BMG-niň Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda taraplar üstaşyr amallary ýeňilleşdirmek, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek babatda dürli taslamalary durmuşa geçirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Igor Runow Türkmenistanda gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň Sebit hyzmatdaşlygy we söwdany pugtalandyrmak üçin Merkezi Aziýanyň ulag geçelgelerinde TIR amallaryny sanly ulgama geçirmek atly taslama hem-de   Gowulandyrylan Tranzit Ulgamy tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitleýin hyzmatdaşlygy we söwdany güýçlendirmek üçin Merkezi Aziýanyň transport koridorlarynda halkara ýol transport prosedurasyny sanlylaşdyrmak ýaly taslamalara goşulmak bellendi.

I.Runow öz gezeginde dünýäde we sebitde ýük daşamalaryň ählumumy torunyň işine we üstaşyr amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça maslahat berilýän goşmaça çärelere baha berip, TRASEKA ugry boýunça ulanylýan Ählumumy üstaşyr resminamasy (GTrD) bilen tanyş etdi. Bu elektron görnüşli resminama iri ýük daşamalary babatda täze kämilleşdirilen sanly ulgamyň çygrynda ulanylýar. Myhman bu ulgamyň giň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdyrdy.

Duşuşygyň netijesi boýunça hödürlenýän taslamanyň ähli tarapy babatynda jikme-jik öwrenilmeginiň zerurlygy bellenildi.