2023-nji ýylyň 3-nji maýynda öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara sergisinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem işjeň gatnaşýar.
Döwlet gümrük gullugynyň sergi eksponatynyň esasy bölegi ýurdumyzda gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlandy. Bu ýerde uly ölçegli wideo monitorda gümrük edaralaryna ornaşdyrylan maglumat tehnologiýalaryň işi we hödürlenýän sanly hyzmatlaryň mahabaty ýerleşdirildi.
Serhetýaka gümrük nokadynyň uly ölçegli binagärlik makedi arkaly myhmanlara gümrük nokadynda işiň guralyşy, harytlaryň we ulag serişdeleriniň gümrük taýdan resmileşdirilişi barada düşündirildi.
Halkara hyzmatdaşlygy babatda bölümçe sergi eksponatynyň aýratyn bölegi bir bölegi bolup durýar. Bu ýerde hem uly ölçegli wideo monitorda Döwlet gümrük gullugynyň halkara hyzmatdaşlygynda gazanan üstünliklerini, ikitaraplaýyn iş duşuşyklardan hem-de gümrük resminamalaryna gol çekmek dabaralaryndan pursatlary beýan edýän wideorolik görkezildi.
Şeýle hem, gümrük işine ornaşdyrylýan maglumat tehnologiýalar arkaly gitdigiçe has amatlylaşdyrylan gümrük amallary barada ýörite mahabat kitapçalary, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň adyndan dürli sowgatlar salnan bukjalar sergä gatnaşyjy myhmanlara hödürlendi.
Sergi 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda tamamlanar.