Habar

2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda  Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň “Merkezi Aziýada söwdany alyp barmagyň tertibini ýeňilleşdirmek” taslamasynyň ýolbaşçysy hanym Fesilitas Zik we hünärmeni hanym Birgit Wiol bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda duşuşyk geçirildi.  

Gullugyň ýolbaşçylary wekiliýeti kabul edip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan sanly ulgama geçmekde, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmekde,  halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan haryt-ulag ýanhatynyň elektron, sanly görnüşine geçmekde amala aşyrylmaly çäreler, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr we ikitaraplaýyn halkara awtoulagly ýük daşamalarynyň amallaryny ýönekeýleşdirmek,  halkara awtoulagly ýük daşamalarynda ulanylýan TIR kitapçasyny sanlaşdyrmak we ýükler barada deslapky maglumatyň berilmegi boýunça wezipeler, şeýle hem söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek babatda ýerine ýetirilmeli wezipeler barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar geljekki hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada belläp geçdiler.