Habar

2023-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň wekilleri wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyp, Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda harytlary toparlara bölüniş kodlarynyň ulgamyny işläp taýýarlamak babatda tejribe alyşdylar.

Bu duşuşyk, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriň                   2022–2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň çäklerinde gurnaldy.

Russiýaly gümrükçiler Federal gümrük gullugy tarapyndan ulanylýan Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy, harytlaryň toparlara bölüniş ulgamynyň işi, bu ugurda bellenen jogäpkär düzüm birlikler we olaryň ýerine ýetirýän işleri barada gürrüň berdiler. Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasynyň hukuk esasyny Harytlary beýan etmegiň we kodlaşdyrmagyň sazlaşdyrylan ulgamy hakyndaky halkara Konwensiýasy düzýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu Konwensiýanyň agzalylygyna şu ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden degişli kanuny esasynda kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Döwlet gümrük gullugy tarapyndan Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasyna laýyklykda harytlaryň toparlara bölüniş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli alnyp barylýar.

Şu günki duşuşyk hem şol işleriň çäklerinde Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň tejribesiniň öwrenmek maksady bilen geçirildi.