2023-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken karary bilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk tassyklanyldy.
Ylalaşyk, ilkinji nobatda gümrük kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak, özara maglumat alyşmak, gümrük amallarynyň täze görnüşleriniň gözlegi we işlenip taýýarlanmagy, işgärleri hünärini ýokarlandyrmak hem-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal gümrük edarasynyň arasyndaky özara hereketi düzgünleşdirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary, bu ýurduň Federal gümrük gullugy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berdi. Şonda, 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde mundan beýläkki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk esasy bolup durýan ikitaraplaýyn hökümetara Ylalaşyga gol çekildi.