Habar

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz dostlukly döwlete resmi sapar bilen geldi.

Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna daýanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ýolunda möhüm wakadyr. Taraplaryň hoşniýetli erk-islegi, bar bolan ägirt uly kuwwaty köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmak, ony häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär.

Şu gün ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we ýurduň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine (Anytkabir) bardy hem-de bu ýerde gül goýmak çäresine gatnaşdy.

Bu özboluşly desga baýryň üstünde ýerleşip, gönüburçluk şekilinde we sütünler bilen gurşalan görnüşde bina edilipdir. Mawzoleýe tarap «Şir ýoly» diýlip atlandyrylýan ýoda uzap, onuň iki tarapynda daşdan ýasalan ýolbars şekilleriniň 12-si oturdylypdyr. Desganyň içinde Hormat zaly ýerleşip, onda Mustafa Kemal Atatürküň aramgähi bar. Şeýle hem ýadygärlik toplumynyň çäginde Dabara meýdançasy we Parahatçylyk seýilgähi bar.

Atatürküň aramgähiniň merkezi girelgesiniň öňünde belent mertebeli myhmany türk tarapynyň resmi adamlary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň görnükli syýasy we döwlet işgäriniň baky aram tapan ýerine gül dessesini goýup, bir minutlap dymmak bilen ony hatyralady.

Mawzoleýiň çäginde döwlet Baştutanymyz bilen çärä gatnaşyjylar bilelikde ýadygärlik surata düşdüler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni Atatürküň aramgähinden Ankaranyň iň gözel we döwrebap seýilgäh toplumy bolan «Dikmen Wadisinde» ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähine tarap ugrady. Bu seýilgähde türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy wekili, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdylandyr.

Bu ýerde merkezi girelgäniň öňünde belent mertebeli myhmany türk tarapynyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar. Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine barýan ýoluň ugrunda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen mübäreklediler.

Mälim bolşy ýaly, bu seýilgäh we onuň çäginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi 2012-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda dabaraly açylypdy. Şonda iki dostlukly döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara türkmen-türk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup, halklarymyzy baglanyşdyrýan dostlugyň we doganlygyň mizemezliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Bu gün birnäçe asyr geçenden soň hem hiç wagt gymmatyny ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän Magtymgulynyň şahyrana döredijiligi dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan adamlaryň ýüreginde düşünişmegi we hoşniýetliligi oýarýar. Beýik söz ussadynyň dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edilen goşgulary Türkiýede uly meşhurlyga eýe bolup, bu ýerde onuň goşgular ýygyndylary, zehinli şahyra bagyşlanan ylmy-barlag işleri neşir edildi.

Döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk, dünýä mirasynyň bolsa aýrylmaz bölegi hasaplanýan, 2024-nji ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden belleniljek Magtymguly Pyraga belent sarpa goýmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň etegine ajaýyp gül dessesini goýdy.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasyna tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Belent mertebeli myhmany Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem-de senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr mähirli garşyladylar.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynyň zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly döwletiň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisi bilen tanyşdy.

Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edarasyna baryp gören wagtynda düşürilen fotosuratlar görkezildi. Şol wagt Gahryman Arkadagymyza bu birleşigiň ýanynda döredilen Ykdysadyýet we tehnologiýalar uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady dakmak dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek. Bu fotosuratlar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman taryhyna özboluşly syýahatdyr.

Şeýle hem sergide dokma senagaty kärhanalarynyň önümleri: çagalar we ulular üçin egin-eşikleriň, matalaryň dürli görnüşleri, sowgatlyk toplumlar, ajaýyp türkmen el halylary, ýurdumyzyň telekeçileriniň önümleri görkezildi.

Forumyň öň ýanynda çaý başynda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türk tarapynyň wekilleri ýyl-ýyldan hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu belent mertebeli myhmana işewürlik forumyna gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, türk hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň Baştutany bilen duşuşygy uly ruhubelentlik bilen kabul edendiklerini nygtady. Şunda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýan möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň we taslamalaryň başyny başlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşandygy aýratyn bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, Türkiýäniň işewür düzümleri üçin Türkmenistanda iş alyp barmak uly hormatdyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza türk kompaniýalarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge hem-de tutuşlygyna ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Soňra Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu ýygnananlara ýüzlenip, şu gezekki işewürlik duşuşygyna Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynyň özi we ähli kärdeşleri üçin uly mertebedigini aýdyp, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary mähirli mübärekläp, şu günki işewürlik maslahatynyň guralandygy üçin Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşigine, Daşary ykdysady gatnaşyklar guramasyna minnetdarlyk bildirdi we yzygiderli geçirilýän şeýle duşuşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlarynyňdyr mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu duşuşykda hem netijeli gepleşikleri dowam etdirmegiň maksadalaýykdygy barada aýdyp, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatyna gatnaşýandyklary üçin türkiýeli hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirip, ýygnananlaryň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda netijeli işleri alyp baran kompaniýalaryň wekilleriniň hem bardygyny belledi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalary Türkmenistanda kiçi, orta we iri ýüzlerçe taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyz agzalan taslamalary, aýratyn-da, döwrebap “akylly” şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek “Aşgabat-siti” konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrdy.

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki maýa goýum gaznasyny hem-de maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz türk maýadarlarynyň, senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir iri banklarynyň Türkmenistanda şahamçalaryny açmak meselesine seretmek barada aýtdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda energetika ulgamy giň orun tutýar. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada barýar. Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Ulag-kommunikasiýa pudagy möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa, deňiz menzilleriniň durky täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi. Şunuň bilen birlikde, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, işleri utgaşdyrmak we sazlaşykly alyp barmak maksady bilen, döwlet ulag edaralarynyň, hususy ulag-logistika kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Oba hojalygyny ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz biziň esasy wezipämiziň ýurtlarymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden we bu ugurda halkara tagallalara goşant goşmakdan ybaratdygyny belledi. Şonuň üçin-de Türkmenistanda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp mukdarda maýa goýlup, onuň maddy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seçgiçilik ulgamyny ösdürmek, täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmak boýunça teklibini öňe sürdi. Türkmenistan bu ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyr.

Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu gün tutuş dünýäniň howanyň üýtgemegi we beýleki ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny nygtady. Şeýle şertlerde suw hojalygy pudagynyň ähmiýeti yzygiderli artýar. Ýurdumyz suw üpjünçilik hem-de suw paýlama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirmek bilen, bu derwaýys pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlyga ähmiýet berýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz suw serişdelerini rejeli ulanmak we suw tygşytlaýjy tilsimatlary ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy baş wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunda anyk taslamalar hökmünde Garagum derýasynyň hanasynyň hem-de ýan kanallarynyň infrastrukturasynyň täzelenmegi we giňeldilmegi bellenildi. Bu ugurlarda degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga taýýarlyk beýan edildi.

Senagat pudagynyň ösüşi we önümçilik kooperasiýasy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan bir bölegi bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça Türkmenistanda degişli işler geçirilýär. Şular barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýetiň ösmeginde ylym we tehnikanyň ornunyň gün-günden ýokarlanýandygyny nygtady. Şunlukda, ýurtlarymyzyň täze talaplara laýyk ösmegi, döwür bilen aýakdaş gitmegi möhüm bolup durýar. Şu derwaýys wezipeden ugur alyp, döwlet Baştutanymyz ylym-tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi. Munuň çäklerinde iki ýurduň maglumat tilsimatlary pudagynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur hasaplanýar. Bu ugurlarda bilelikdäki işleri alyp barmaga türkmen tarapy taýýardyr.

Umuman, türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Bu günki duşuşykda öňümizde duran uly wezipeler we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri barada maslahat edýäris. Biz iki tarap üçin hem bähbitli bolan netijeli pikirleri we teklipleri hoşallyk bilen kabul etmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de ýurtlarymyzyň, hususan-da, işewür toparlarymyzyň bu meselelere tagalla bilen çemeleşjekdiklerine ynam bildirdi. Ara alyp maslahatlaşmalary şu ýylyň 6 — 8-nji dekabrynda Türkmenistanda guraljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde-de dowam etdirip boljakdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz nobatdaky Türkmen-türk işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Duşuşygyň ýokary derejede guralandygy we onda çykyş etmäge mümkinçilik döredilendigi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de ýygnananlaryň ählisinde uly gyzyklanma döretdi.

Soňra çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz şu günki işewürlik forumyna Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, onuň geriminiň giňeldilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzda dürli ulgamlarda, şol sanda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli düzümleýin taslamalara, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalara gatnaşmaga ýokary gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Jenap Jewdet Ýylmaz many-mazmunly çykyşy hem-de türkiýeli işewürleri geljekde-de bilelikde işlemäge çagyrandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu gün geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýetini belledi. Türkiýäniň wise-prezidenti döwlet Baştutanlarynyň Ankarada boljak duşuşygynyň netijeleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, hormatly Prezidentimize asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr çykyş edip, şu gezekki işewürlik forumyna gatnaşandygy we mazmunly çykyşy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Çykyşda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilip, anyk teklipler beýan edildi. Nygtalyşy ýaly, Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýan toplumlaýyn ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä ýetirmäge berýän ünsi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Şunda dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, bilelikdäki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Türkiýeli hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmäge, ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygy «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygyň çykyşynda hem tassyklanyldy.

Forumyň açylyş dabarasynyň ahyrynda Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Ankarada geçirilýän bilelikdäki işewürlik duşuşygyna gatnaşandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli gatnaşyjylaryň adyndan iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Soňra Türkmen-türk işewürlik maslahaty iki ýurduň degişli döwlet we işewürlik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda bar bolan kuwwaty we uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe süren tekliplerinden ugur alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň jemleri boýunça türkmen we türk telekeçileriniň arasynda dürli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, obasenagat toplumy, azyk senagaty pudagy, ugurdaş enjamlary satyn almak babatda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasyna — «Aksaraý» köşgüne barýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Köşgüň öňündäki meýdançada iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormat garawulynyň atly esgerleriniň ugratmagynda döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy «Aksaraý» köşgüne tarap ugraýar.

Merkezi girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite taýýarlanan ýere geçýärler.

Saz orkestriniň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanyp, Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde baş egip, Hormat garawulynyň öňünden geçýärler.

Dostlukly döwletiň Baştutany belent mertebeli myhmany Türkiýe Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogany ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany belent mertebeli myhmany «Aksaraý» köşgüne çagyrýar. Bu ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, öz ýurdunda Türkmenistanyň Baştutanynyň şu gezekki saparyna mizemez dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara dialogyň taryhyndaky möhüm waka hökmünde garalýandygyny nygtady.

Türk Lideri Türkiýäniň ýurdumyz bilen giň möçberli strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine goşan ägirt uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy hem-de görkezilen mähirli myhmansöýerlik üçin, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegi ugrundaky uly tagallalary üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk Liderine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň döwlet Baştutany hökmünde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda netijeli boljakdygyna ynanýandygyny belledi. Bu gezekki saparyň Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýiniň belleniljek gününiň öňüsyrasynda bolmagynyň uly many-mazmuna eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogany bu şanly baýram bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, doganlyk türk halkyna bolsa täze ýüzýyllykda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklarymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we talaplaryny hasaba almak bilen, yzygiderli, ulgamlaýyn esasda berkidilýär. Türkmenistan bilen Türkiýäniň halkara syýasatda ysnyşykly gatnaşyk saklaýandygyny bellemek gerek. Döwletlerimiz işjeň sebit we halkara meselelerde köp babatda birmeňzeş ýa-da biri-birine ýakyn garaýyşlary beýan edýärler. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar etmek bilen, onuň halkara işlere işjeň goşulyşmagy, ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk derejesiniň dünýä ýüzünde kabul edilmegi we pugtalanmagy babatda ýardam etdi. Türkmenistan hem halkara bileleşik tarapyndan Türkiýäniň teklipleri esasynda kabul edilýän dürli başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar.

Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ugurda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy alyp barýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşyklaryň ileri tutulýan bu ulgamyny, hususan-da, energetika, ulag, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işe girizmäge, söwda dolanyşygyny deňagramly görnüşde ýokarlandyrmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny beýan etdi.

Medeni-ynsanperwer ugurda netijeli özara hereketleriň bardygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň bilelikdäki medeni mirasynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we asylly däp-dessurlarynyň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigini belledi. Türkmenistan bu gatnaşyklary, ylaýta-da, medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda mundan beýläk-de ösdürmegi we täze derejä çykarmagy ugur edinýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna ilkinji resmi saparynyň döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek hem-de onuň geljekde okgunly ösdürilmegi babatda täze mümkinçilikleri açjakdygyna ýene-de bir gezek ynam bildirdi.

Özara düşünişmek we oňyn ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyryndaky hem-de geljekki meýilnamalar bilen baglanyşykly möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, Türkmenistanyň we Türkiýäniň uly mümkinçiliklerini doly herekete getirmek arkaly netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge özara gyzyklanmany tassykladylar. Duşuşygyň çäklerinde taraplar gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.

Soňra sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, eýesine wepaly, batyr alabaýlar asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepaly dosty hem-de hemrasy, ygtybarly goragçysy, kömekçisi bolupdyr. Häzirki günde alabaýlar halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan köpasyrlyk türkmen-türk dostlugynyň däplerine ygrarlylygyň özboluşly nyşany bolan bu ajaýyp sowgat üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem hormatly Prezidentimize anadoly kangal tohumly iki sany ajaýyp güjüjegi sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyz sowgat üçin türk Liderine minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sowgada mizemez türkmen-türk dostlugynyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşlerde okgunly ösdürilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdi. Bellenilişi ýaly, onuň ösdürilmeginde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem uly goşandy bardyr. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň asylly başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döredijilikli içeri we daşary syýasatynda öz mynasyp dowamyny tapýar.

Türkiýe Respublikasynyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şu günki ýokary derejedäki gepleşikler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini tassyklaýar. Bu gepleşikleriň gün tertibine özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de görkezilen mähirli myhmansöýerlik we döredilen amatly şertler üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirip, ýene-de birnäçe günden belleniljek Türkiýäniň milli baýramy — Respublikanyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de türk kärdeşine, doganlyk ýurduň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik ugry barada aýdyp, ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda, Türki Döwletleriň Guramasynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda we beýleki düzümlerde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. Türkmenistan we Türkiýe halkara syýasatyň möhüm meseleleri babatda birmeňzeş ýa-da ýakyn garaýyşlary beýan etmek bilen, dünýä ösüşiniň gaýragoýulmasyz ugurlary boýunça birek-biregiň teklipdir başlangyçlaryny goldamak arkaly hyzmatdaşlygyň uly tejribesini topladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň aýratyn ornuny nygtady hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Milletler Bileleşiginiň kadalarynyň we ýörelgeleriniň esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, birinjiden, dawaly ýagdaýlara, hususan-da, ýüze çykyp başlan tapgyrynda olara ýol bermezlik üçin öňüni alyş çäresini ulanmak; ikinjiden, Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak; üçünjiden, ynanyşmaga esaslanýan dialog medeniýetini dikeltmek möhüm bolup durýar. Bu teklibi iş ýüzünde amala aşyrmakda Türkmenistan türk tarapynyň hem goldawyna garaşýar.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine geçip, bu babatda iki ýurduň giň mümkinçiliklere eýedigini belledi hem-de söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalygy, ýokary tilsimatlar, önümçilik kooperasiýasy, telekeçilik gatnaşyklary we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu babatda türkmen tarapy öňümizdäki döwürde gatnaşyklary giňeltmäge we anyk taslamalar bilen baýlaşdyrmaga taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iki ýurt üçin hem bähbitlidigini, munuň üçin zerur şertnama-hukuk binýadynyň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Türkiýä iberilmegi ugrunda bilelikde işlemek meselesine seretmek teklip edildi. Şunda türkmen elektrik energiýasyny üçünji ýurtlaryň çäklerinden üstaşyr geçirmek arkaly Türkiýä ibermek meselesine seretmek teklip edilýär. Şeýlelikde, ýakyn wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda kuwwatlylygy 1574 megawata deň bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň başlamagy bilen, bu babatda mümkinçilikler dörär. Biz bu taslamany hem türk doganlarymyz bilen bilelikde durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýene birnäçe günden Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda möhüm halkara ähmiýete eýe bolan bu energetika desgasynyň düýbüni tutmak dabarasy geçiriler.

Ulag we logistika pudagy bilelikdäki işlerimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu pudakda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ulag ýollarynyň we geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy zerur hasaplaýarys. Biziň pikirimizçe, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe we Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar, şeýle hem Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleri giň mümkinçilikleri açýar. Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hem-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň infrastruktura mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak mümkindir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtap, däp bolan esasy ugurlar bilen bir hatarda, maýa goýumlar, gaz we himiýa senagaty, obasenagat toplumy, daşky gurşawy goramak, täze tilsimatlar, syýahatçylyk, işewürlik gatnaşyklary babatda we beýleki möhüm pudaklarda özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy. Häzirki döwürde Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär. Olar innowasiýalara we ýokary tehnologiýalara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär.

Medeniýet, ylym, bilim we beýleki pudaklardaky hyzmatdaşlyga-da uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, halklarymyzyň umumy medeni mirasynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we birmeňzeş däp-dessurlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalanmagy üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini ýene-de bir gezek nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rejep Taýyp Ärdogany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Döwlet Baştutanymyz köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirip, türk kärdeşine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde täze döwürde-de uly üstünlikleri, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) arasynda Türkmenistan — Türkiýe söwda we senagat edarasynyň forumyny (TTCCI) döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda audio-wideo önümlerini bilelikde öndürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýe Respublikasynyň Kiçi we orta kärhanalary ösdürmek we goldaw bermek baradaky guramasynyň arasynda Hereketleriň meýilnamasyna; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki düzgünleşdiriş, standartlaşdyrmak, laýyklyga baha bermek, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet arhiw müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirliginiň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda ulag we maglumat tehnologiýalarynda ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak we ösümlikleriň karantini hakynda hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2024 — 2026-njy ýyllarda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hereketler meýilnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda meteorologiýa babatda hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti gepleşikleriň netijelerini teswirläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetini Ankarada kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet Baştutany hökmünde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparydygy bellenildi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň nygtaýşy ýaly, dilimiziň, taryhymyzyň, medeniýetimiziň umumylygyna hem-de özara bähbitlere, deňhukuklylyga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Bu günki geçirilen gepleşiklerde döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag, söwda, daşky gurşawy goramak, oba hojalygy, ýaşlar we sport syýasaty, arhiw işi, bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlaryna degişli birnäçe resminamalara gol çekildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm başlangyçlary öňe sürýär diýip, türk Lideri aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan gepleşikleriň gün tertibine girizilen meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini belläp, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýe bolmagynyň türk hyzmatdaşlary guwandyrýandygyny nygtady.

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklara möhüm orun berildi. Türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. Şu günki geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahaty hem bu ugurdaky gatnaşyklarymyzyň ösdürilmegine täze itergi bermäge gönükdirilendir diýip, Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belledi.

Türkiýe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwlet hökmünde hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Türkmenistanyň ähli ulgamlarda gazanýan üstünliklerine guwanýar diýip, dostlukly döwletiň Baştutany nygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine hem-de wekiliýet agzalaryna netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen şu günki duşuşygyň netijelerini beýan etmek bilen, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, öz adyndan hem-de Türkmenistanyň halkynyň adyndan ýene-de birnäçe günden bellenilip geçiljek Türkiýäniň milli baýramy — Respublikanyň 100 ýyllyk ýubileýi bilen türk tarapyny tüýs ýürekden gutlady we abadançylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türkiýä amala aşyrylýan saparyň çäklerinde şu gün geçirilen gepleşikler dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda örän netijeli häsiýete eýe boldy. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm sebit we halkara meseleler boýunça pikir alşyldy. Dostluk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga özara taýýarlyk tassyklanyldy.

Duşuşyklaryň dowamynda sebit we halkara syýasatyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýän meselelere, hususan-da, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer häsiýetiniň ýokarlandyrylmagy ýaly mowzuklara üns berdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalary güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar babatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Gepleşiklerde iki ýurduň haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň möhümdigi bellenildi, şeýle hem bu ugurda bar bolan uly mümkinçilikler, olary herekete geçirmegiň ýollary barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, türkmen tebigy gazynyň we elektrik energiýasynyň Hazar deňziniň üsti bilen Türkiýä iberilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, iki ýurduň arasynda söwdany ösdürmekde üstaşyr ýük daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm orny tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Hazarüsti hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň we täze ugurlary döretmegiň özara bähbitli boljakdygy nygtaldy. Ulag pudagynda bilelikdäki hereketleriň has netijeliligini üpjün etmek üçin zerur işleri amala aşyrmak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem senagatyň dürli pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, hususan-da, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri taslamalara türk kompaniýalarynyň gatnaşmaklary bilen bagly meselelere garaldy.

Duşuşykda doganlyk halklarymyzyň umumy medeni mirasynyň we ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi aýratyn bellenip geçildi. Şundan ugur alyp, köpasyrlyk gatnaşyklary gorap saklamak hem-de pugtalandyrmak üçin medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygymyz mälim edildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine ýardam berjek möhüm resminamalara gol çekildi. Olar döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesiniň ahyrynda gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine hem-de doganlyk ýurtlarymyzyň bähbitlerine, abadançylygyna hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.

Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.

Belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Ankara şäheriniň «Esenboga» Halkara howa menziline bardylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we ynanyşmak häsiýetine eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Howa menzilinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar hem-de iki doganlyk halka rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerden Watanymyza ugrady.

Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.

Şeýle hem bu ýerde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýä resmi saparynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Şunda Ankarada geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklara, taraplaryň hoşmeýilli erkine hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda täze, möhüm ädimi alamatlandyrjakdygyna ynam bildirildi.

***

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýä resmi saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary türk kärdeşleri bilen Ankarada ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olarda söwda-ykdysady ulgamy, senagat, şol sanda dokma senagaty, energetika, gurluşyk pudagy, ulag we kommunikasiýa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik ulgamy boýunça gatnaşyklarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, arhiw işi, saglygy goraýyş, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlarynda däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy.

Duşuşyklaryň barşynda taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygy nygtaldy. Şunda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde, işewürlik gatnaşyklarynyň utgaşdyrylmagynda, dürli ugurlarda özara bähbitli hereketleri ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň işiniň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Ankarada ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Bilim ulgamy türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň, umuman, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýaşlarymyza daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary we dürli hünärleri öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdaky däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri hemişe ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine girizilýär.

Talyplar özleri baradaky alada jogap edip, saýlap alan hünärlerini ele almak, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmek, okuwlaryny tamamlanlaryndan soňra alan bilimlerini iş tejribesinde üstünlikli ulanmak, Watanymyzyň gülläp ösmegine, onuň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagyna, türkmen we türk halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Duşuşygyň dowamynda talyplara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitaby gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu edebi-filosofik eseri türkmenistanlylar, hususan-da, ýaş nesil üçin durmuşda we işde ruhy gollanma bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksatlaryna ýetmäge ruhlandyrýar.