Habarlar

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan ylalaşyklara gol çekdiler
13 Awg
Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan ylalaşyklara gol çekdiler

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyrdy, milli Liderimiz bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine gatnaşdy.

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine birnäçe resminamalar bilen birlikde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan söwda-ykdysady we ulag hyzmatdaşlygy hakynda bäştaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi. 

Hormatly Prezidentimiz Hazarda bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp babatda biziň ýurtlarymyzyň söwda-ykdysady hem-de ulag meselelerine goşulyşmagynyň derejesine baglydygyny belläp, Türkmenistanyň IV Hazar sammitinde döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda hem-de ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda degişli ylalaşyklary işläp taýýarlamak boýunça öňe süren başlangyçlaryny goldan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz 2019-njy ýylda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň Hazarýaka ýurtlarynyň ählisiniň bu ugurda tagallalaryny birleşdirmäge taýýardygynyň tassyknamasy boljakdygyna ynanýandygyny belläp, bu forumy Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi.

Milli Liderimiz ulagyň Hazarda hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhüm ulgamydygyny aýdyp, bu ugurda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Hazar ulag-logistika merkeziniň döredilmeginiň zerurdygyna ynanýandygyny, onuň ýerine ýetiriji edarasynyň Hazarýaka ýurtlarynyň her biriniň kenarýaka şäherinde gezekleýin esasda ýerleşdirilmelidigini nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, geçirilen duşuşygyň Hazarýaka döwletleriniň arasynda gatnaşyklaryň binýadyny döretmekde, dürli ugurlarda mundan beýläkde hyzmatdaşlyk üçin syýasy-hukuk esaslary kemala getirmekde, dostluk gatnaşyklaryny, özara hormat goýmagy hem-de ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda hoşniýetli aragatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolandygyny belledi.

http://www.turkmenistan.gov.tm