Ýakynda, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nobatdaky üçünji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permany bilen, öňdebaryjy itşynaslary Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady bilen sylaglamak hem-de assosiasiýanyñ agzalygyna kabul etmek dabaralary boldy. Bu buýsançly pursatlarda, Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itlerini saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmeti nazara alnyp, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permany bilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Aşgabat» gümrük nokadynyň müdiriniň orunbasary, hususy itşynas podpolkownik Gurbannazar Gurbannazarowiç Ezizowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakyldy.
Şeýle döwlet sylaglary bilen sylaglap, Watan goragçylaryna uly hormat goýýan Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de merdana ýurt goragçylaryna nusgalyk mekdep bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!