Habar

2023-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri Latwiýa Respublikasynyň Döwlet girdejiler gullugynyň gümrük müdirliginiň müdiriniň orunbasary  Sandra Karkline-Admine we Latwiýa Respublikasynyň Azyk we weterinariýa gullugynyň serhet gözegçilik bölüminiň müdiri Iweta Şise-Trede bilen duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMKA-10) 2023-nji ýylyň 2-nji ýarymýyllygy üçin Iş meýilnamasyna laýyklykda Serhetleriň üstünden söwda akymlaryna ýardam etmek komponentiň çäginde geçirildi.  

ÝB bilermenleri, Türkmenistana gözegçilik-geçiriş nokatlarynda serhet gözegçiligine gatnaşýan gümrük, fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň arasynda pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tehniki missiýa bilen geldi.

Duşuşygyň barşynda gümrük, fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyldy we bu ugurda bar bolan kanunçylyga syn berildi.