Habar

Döwlet gümrük gullugynyň garamagyndaky ähli gümrük edaralary bilen bir hatarda, Gullugyň ýanyndaky Okuw merkezi hem bu günki günde işleri sazlaşykly alyp barýar. Häzirki wagtda Gullugyň ýanyndaky Okuw merkezi tarapyndan ýaş harby gullukçylara gümrük işini çuňlaşdyryp öwretmek bilen bagly okuw sapaklary ýörite meýilnamalar esasynda ýokary derejede alnyp barylýar. Şeýle okuw sapaklarynyň ýene bir möwsümi ýakynda, Döwlet gümrük gullugynyň Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda badalga aldy. Bu okuw sapaklaryna Gümrük gullugynyň düzümlerine täze kabul edilen ýaş harby gullukçylaryň 20-ä golaýy gatnaşýar. Akylly şäheriň täze gümrük edarasynda innowasion enjamlar ornaşdyrylan otaglarda ýaş hünärmenlere geçirilýän bu okuw sapaklary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.  

Döwlet gümrük gullugynyň kanunçylyk hukuk binýadyny çuňlaşdyryp öwrenýän ýaş hünärmenlere bulardan başga-da, harytlaryň deklarirlenişi, kartalaryň okalyşy, harytlaryň gümrük bahalarynyň kesgitlenilişi, gümrük töleg resminamalarynyň doldurylyşy, gümrük düzgünleri, gümrük ammary, gümrük serhedinden geçirilmäge rugsat edilen we edilmedik harytlaryň aýratynlyklary, harby gullukçylaryň umumy borçlary, hukuklary we  jogapkärçilikleri, ýurduň taryhy we amala aşyrýan döwlet syýasaty bilen baglanyşykly bu ugurda nusgalyk bolýan Gahryman Arkadagymyzyň dürli kitaplarynyň ähmiýeti ýaly ençeme ugurlardan Gullugyň ýanyndaky Okuw merkeziniň halypa gümrük işgärleri tarapyndan giňişleýin okuw sapaklary sanlylaşdyrylan tehnologiýalar esasynda geçirilýär. Gullugyň degişli bölümleri we Okuw merkezi tarapyndan taýýarlanylan dürli okuw usuly gollanmalary ýaş harby gullukçylara gümrük işini çuňlaşdyryp öwrenmekde ygtybarly gymmatly çeşme bolup durýar.

Ýörite taýýarlanylan okuw maksatnamasynyň her bir bölüminiň tamamlanmagy bilen, diňleýjiler test görnüşinde aralyk synaglary tabşyrarlar. Okuw möwsüminiň doly tamamlanmagy bilen jemleýji synaglar geçirilip, synaglary üstünlikli geçen harby gullukçylara degişli şahadatnamalar gowşurylar.