Habar

2024-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz döwletleriniň arasynda «Ygtyýarly ykdysady operatorlary» özara ykrar etmek meselesine bagyşlanan sebit derejesindäki tegelek bolup geçdi.

Çäre, Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary jenap Igor Runowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäginde geçirilip, oňa wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Bütindünýä gümrük guramasynyň, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Ulag ulgamy boýunça Dostlar Toparynyň, Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçelgesiniň sekretariatlarynyň bilermenleri, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Ermenistanyň gümrük edaralarynyň wekilleri  gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar halkara söwdada howpsuz ýük daşamalary üpjün edýän Ygtyýarly ykdysady operatorlar maksatnamasyny işe ornaşdyrmak we bu ulgam boýunça oňyn halkara tejribesi bilen tanyşdylar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan iri ulag-üstaşyr taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hem-de halkara söwdasynyň möçberleriniň artýan şertinde möhüm ähmiýete eýedir.