Habar

2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň işgärleri Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMCA 10) tarapyndan gurnalan “Okatmagyň döwrebap usulyýeti” mowzugy boýunça mugallymlaryň/tälimçileriň okuw çäresine gatnaşdy.

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan  bu okuw, 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 2-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçirilen Serhet we gümrük edaralarynyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň konsorsiumynyň sebitleýin okuw maslahatynyň netije boýunça işlenip düzülen 2024-nji ýyl üçin okuw meýilnamasynyň çäginde geçirildi.

Bu okuw çäresi Gazagystan Respublikasynyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň Serhet akademiýasynyň wekili tarapyndan geçirildi. Okuwa Merkezi Aziýa döwletleriniň Serhet we gümrük edaralarynyň bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

BOMCA 10-nyň çäginde hereket edýän serhet we gümrük edaralarynyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň konsorsiumynyň esasy maksady, okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Serhet we gümrük edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy ösdürmekdir.