2024-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Ýaponiýanyň wekiliýetini JICA-nyň Gündogar we Merkezi Aziýa hem-de Kawkaz ýurtlary boýunça bölüminiň müdiri jenap Kenji OGASAHARA ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda Taraplar Türkmenbaşy deňiz portunyň çäginde ýükleri gümrük taýdan resmileşdirme işleri bilen baglanyşykly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Myhmanlar Hazarüsti halkara üstaşyr geçelgesiniň ösdürilmegi babatda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek barada teklibi bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň JICA-nyň çäklerinde guralýan okuw maksatnamalaryna gatnaşmak barada sorag duşuşygyň gün tertibiniň indiki meselesi boldy. Wekiliýet hususan-da, JICA bilen Bütindünýä gümrük guramasy bilen bilelikde amala aşyrylýan (Master Trainer Programma) okuwyna Döwlet gümrük gullugynyň wekillerini gatnaşmaga çagyrdy.