Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Kerim Ahmedow Bütindünýä gümrük guramasynyň we Ýaponiýanyň 2023-2024-nji ýyllar üçin Käri ösdürmek maksatnamasyny üstünlikli tamamlady. Onuň kandidaturasy Gurama agza döwletlerinden ýüzlerçe dalaşgärleriň içinden saýlandy. Türkmenistanyň bu Maksatnama ilkinji gezek gatnaşýandygyny bellemek isleýäris.

Käri ösdürmek maksatnamasyna Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan 2009-njy ýylda badalga berildi. Bu Maksatnama Ýaponiýanyň Gümrük gullugy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Onuň çäginde ýylda 10 sany dalaşgär Bütindünýä gümrük guramasynyň Sekretariatynda işlemäge hem-de gümrük işi babatynda bilimini artdyrmaga we bu ugurda halkara tejribesini gazanmaga mümkinçilik alýar.

2023-2024-nji ýyllar üçin Käri ösdürmek maksatnamasynyň çäginde K.Ahmedow Bütindünýä gümrük guramasynyň Sekretariatynyň Mümkinçilikleri ösdürmek bölüminde işläp, gümrük işi boýunça ylmy barlag işini ýerine ýetirdi we onuň netijesini Guramanyň ýolbaşçylarynyň dykgatyna ýetirdi.

Maksatnama tamamlanmagy mynasybetli Guramanyň Sekretariatynda dabaraly çäre geçirilip, onda Guramanyň Baş sekretary Ýan Sonders Maksatnamany üstünlikli tamamlan 10 sany dalaşgäre güwänamalary gowşurdy.