Gümrük habarlary

Harytlary goýbermegiň wagtynyň barlagyny geçirmegiň usulyýeti boýunça Bütündünýä gümrük guramasynyň okuw çäresi
5 Apr
Harytlary goýbermegiň wagtynyň barlagyny geçirmegiň usulyýeti boýunça Bütündünýä gümrük guramasynyň okuw çäresi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili 2019-njy ýylyň 1-5-nji apreli aralygynda Russiýanyň gümrük akademiýasynyň Sankt-Peterburgdaky bölüminde Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan guralan Harytlary goýbermegiň wagtynyň barlagyny geçirmeiň usulyýeti boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy. 

Bütindünýä gümrük guramasynyň agza döwletleriniň söwdasyna ýardam etmek üçin halkara derejesinde ylalaşylan, mümkin boldugyça sazlaşdyrylan teswirnamalar, gollanmalar we gümrük tejribeleri bolmalydyr.

Global sazlaşygy ösdürmek üçin BGG birnäçe toplumlaýyn gurallary, şol sanda hukuk taýdan borçlandyrýan konwensiýalary (mysal üçin, täzeden seredilen Kioto konwensiýasy, Stambul konwensiýasy), şeýle hem öňdebaryjy tejribeleriň gurallaryny we teswirnamalaryny işläp taýýarlady. 

Şu geçirilen okuw maslahaty şu resminamalary ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.