
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň işgärleri, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň, Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň agzalarynyň we başga-da birnäçe halkara ýük daşamalary amala aşyrýan ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan, daşary ykdysady işine gatnaşýan telekeçiler hem-de gümrük dellallarynyň hünärmenleri bilen pudagara duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary duşuşyga gatnaşyjylary ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini we logistika ulgamyny ösdürmäge, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini we sebitdäki ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, gümrük serhediniň üstünden haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam berýän şertleri giňeltmegiň, şol sanda ýurdumyzyň çägine getirilýän harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumaty bermegiň, şeýle hem ygtyýarly ykdysady operatoryň hukuk derejesini almagyň ähmiýeti we tertibi bilen tanyşdyrdylar.
Mundan başga, duşuşygyň barşynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ulanylýan maglumat tehnologiýalary we sanly ulgam arkaly halkara ýük daşaýjylar tarapyndan deslapky maglumatyň berilmeginiň amaly mysallary görkezildi hem-de ýurdumyzdan eksport edilýän harytlaryň gümrük amallary, şunda döwlet edaralarynyň rugsatnamasy esasynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlary resmileşdirmegiň aýratynlyklary aýdyňlaşdyryldy.