Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Gazagystan Respublikasynyň Kuryk portunda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdylar
22 Maý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Gazagystan Respublikasynyň Kuryk portunda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdylar

Gazagystan Respublikasynyň Kuryk portunda Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük edaralarynyň işgärleri üçin halkara okuw maslahaty geçiridi. Okuw maslahatynyň maksady harytlaryň we ulag serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak we ýüze çykarmak çygrynda işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak bolup durýar. 

Bu okuw maslahat Litwa Respublikasynyň maliýe ministrliginiň gümrük departamentinden bomça maksatnamasynyň bilermeneleri tarapyndan geçirildi. 

Türkmenistanyň we Gazagystanyň gümrük we serhet edaralarynyň işgärleri gümrük barlagy üçin gämiler we konteýnerler saýlananda töwekgelçilige baha bermekde Litwa Respublikasynyň tejribesi bilen tanyşdylar. 



Gabtaşyjylar deňiz konteýnerleriniň görnüşleri, olary barlamagyň usullary we barlag geçirilende howpsuzlyk çäreleri bilen tanyşdylar. 

Şeýle hem, bilermenler konteýnerlerinde gadagan edilen zatlaryň ýüze çykarylmagy boýunça tejribesi bilen paýlaşdylar. Amaly sapaklaryň dowamynda gämilerde we konteýnerlerde gizlin bukularyň bolup biljek ýerleri görkezildi. 

Geçirilen çäräniň işgärleriň tejribe toplamagynda ähmiýeti bellärliklidir.