News

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
22 Jul
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ähmet Çalygy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman dürli pudaklarda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we  geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilişi, şol sanda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherçesinde karbamid önümçiligi boýunça zawodyň, Marynyň döwlet elektrik bekediniň çäginde bina edilýän bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz maglumatlary diňläp,  gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň  türkmen tarapynyň möhüm şerti bolup durýandygyna ýene bir gezek ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkiýeli işewür döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirdi we özüniň ýolbaşçylyk eýdän kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.