Habar

2025-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Merkezi Aziýada Söwda Amallaryny Ýeňilleşdirmek boýunça Sebitleýin Taslamanyň (TFCA) çäginde, Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy (GIZ) tarapyndan goldaw berilmeginde iki onlaýn çäre geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Günüň birinji ýarymynda Merkezi Aziýanyň Ulag-üstaşyr boýunça Sebitleýin Işçi toparynyň duşuşygy geçirildi. Gatnaşyjylar sebitiň ulag-üstaşyr kuwwatynyň ösüşi boýunça taýýarlanan Konsepsiýa bilen tanyşdylar we ony kämilleşdirmek we tassyklamak boýunça geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn üns milli Söwda Amallaryny Ýeňilleşdirmek Komitetleriniň (NTFC) arasynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge hem-de BMG-niň Söwda Amallaryny Ýeňilleşdirmek Ylalaşygynyň 7.8-nji maddasyny boýunça talaplary ýerine ýetirmäge gönükdirildi.

Ikinji çäre bolsa gümrük edaralarynyň işinde Esasy Iş Netijeleri (KPI) ornaşdyrmak meselelerine bagyşlandy. Halkara bilermenler 2024-nji ýylda Bütindünýä Gümrük Guramasynyň gümrük edaralarynyň işini bahalandyrmak usulyýetini işläp taýýarlandygyny we agza ýurtlaryň ony amalda ulanmagy maslahat berendigini belläp geçdiler. Okuwyň dowamynda Merkezi Aziýanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri usulyýeti amaly taýdan ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki halkara standartlaryna laýyklykda iş guramak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.