Habar

2025-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň (UNODC) Ýük we ýolagçy daşamalaryna gözegçilik boýunça Ählumumy Maksatnamasynyň (PCCP) 10-njy sebitara ýokary derejeli duşuşygy, şeýle hem Gümrük gulluklarynyň we port gözegçilik toparlarynyň Sebitara ulgamynyň (IREN) bilermenleriniň 7-nji duşuşygy geçirildi.

Foruma Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Gara deňziň sebiti, Günorta Kawkaz, şeýle hem Päkistan, Türkiýe, Ukraina, Azerbaýjan, Gruziýa we donor guramalarynyň gümrük we degişli edaralarynyň ýolbaşçylary we ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary ýolbaşçylyk etdi. Ol plenar mejlisde eden çykyşynda, halkara konwensiýalara we milli kanunçylyga esaslanýan Türkmenistanda neşelere garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli döwlet syýasatyny nygtady, şeýle hem ýurdumyzyň PCCP maksatnamasynyň maksatlaryna we IREN Sebitara ulgamynyň ösdürilmegine ygrarlydygyny belläp geçdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri tematik sessiýalarda çykyş edip, Gözegçilik-seljeriş merkeziniň işiniň milli tejribesini we haryt daşamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde ýola goýlan tejribämiz bilen paýlaşdylar.